AHALDA
Gadymy Ahal ýaýlasynyň bagtyýar ilatynyň eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga we gülzarlyga öwürmek babatdaky asylly işlere işjeň goşulýandygy nobatdaky zähmet baýramçylygynda hem aýdyňlygy bilen äşgär boldy. Güýzki bag ekmek möwsümine badalga bolan ählihalk bag ekmek dabarasyna welaýatyň köp sanly ýaşaýjylary uly hyjuw we çäksiz höwes bilen gatnaşdylar.