Daş-töweregi gurşap alýan tebigatyň arassalygy ynsan saglygynyň girewidir. Şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiziň ekologiýa başlangyçlary dünýä derejesinde gyzgyn goldaw tapýar, halkara gatnaşyklarynda ygtybarly binýat bolup, global meseleleriň oňyn çözgüdini tapmakda ýolgörkezijä öwrülýär. Ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmeginde, dem alýan howamyzyň arassa bolmagynda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň ähmiýeti uludyr.
Gözel ülkämiziň ajaýyp tebigatyny, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakda, bahasyna ýetip bolmajak işler edilýär. Daş-töweregimiziň howasynyň tämizligini saklamakda baglaryň ähmiýeti uludyr. Tebigatyň esasy baýlygy bolan agaç nahallaryny oturtmak maksady bilen geçirilýän dabaralaryň ähmiýeti barha artýar.