Salam, tomus!

23 Iýun 2021
2602

Tomus günleriniň gyzykly söhbedi

Bagtyýar çagajyklaryň gülki sesleri ýurdumyzyň çar künjeginde ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde has-da belentden ýaňlanýar. Bu gülki sesleriniň, şadyýan owazlaryň «yzyna» düşüp, biz tomus paslynyň ilkinji günlerinde Gökdere jülgesine dynç almaga gelen körpeleriň ýanyna bardyk. Ol ýerde oýun-gülki, şatlyk-şowhun, bagtyýarlyk al-asmana galýar. Çagalar bilen ýüzbe-ýüz bolmagymyz, olaryň gyzykly gürrüňlerini diňlemegimiz şu ýazgylary ýazmagymyza sebäp boldy. Çagalaryň aýdyp beren gürrüňleri, körpe okyjylar, siziň üçin hem gyzykly bolsa gerek.

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW,
žurnalist.