Şu günler Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalaryň arasynda dürli sport ýaryşlary geçirilýär. Ol ýerde «Biz sagdyn nesiller» ady bilen hereketli oýunlar boýunça guralan ýaryş hem şeýle sport çäreleriniň biri boldy.