Häzirki wagtda paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli üstünlikli dowam edýän ekologiýa çäresine şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary işjeň gatnaşýarlar. Adamlar pyýada ýöremek bilen birlikde, jemgyýetçilik ulaglarynyň — ýolagçy awtobuslarydyr döwrebap taksileriň hyzmatyndan hem peýdalanýarlar. Şunuň bilen birlikde, aşgabatlylaryň zerur ýerlere gidip gelmegi üçin, paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde welosipedleri wagtlaýyn ulanmaga berýän nokatlaryň işi hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi milli Liderimiziň ilatyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri, şol sanda welosiped sporty bilen işjeň meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleri göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belläp, bu babatda beren tabşyryklarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Welosipedleri wagtlaýyn kireýne ulanmaga almagyň nyrhy hem ilat üçin elýeterlidir. Şoňa görä-de, raýatlar ulagyň ekologiýa taýdan arassa bu görnüşiniň hyzmatyndan höwes bilen peýdalanýarlar. Biz munuň şeýledigine ýakynda paýtagtymyzdaky «Aşgabadyň ýalkymy» söwda merkezinde raýatlara welosipedleri wagtlaýyn ulanmaga berýän «Uçgun» welosiped hyzmatlary nokadynda alnyp barylýan işler bilen tanyş bolanymyzda aýdyň göz ýetirdik. Ol ýere baranymyzda, welosiped hyzmatlaryny ýola goýan Yhlas Taganow bizi güler ýüz bilen garşylady. Ol alyp barýan işleri hakynda şeýle gürrüň berdi: