Maşgala agzybirligi — jemgyýetiň baýlygy

13 Maý 2021
3060

Maşgala — adamlaryň bir öýde, özbaşdak hojalykda ýaşaýan jemgyýetçilik umumylygynyň bir görnüşi bolmak bilen, ol örän ähmiýetli we iň möhüm jemgyýetçilik, ynsanperwerlik hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Ilatyň üznüksiz köpelmegini, ýaşaýşyň, adamzat kowumynyň dowamat-dowam bolmagyny üpjün edýär. Şoňa görä-de, geçmişi şöhratly, şu güni bagtly, geljegi nurana halkymyzda maşgala mukaddeslik hökmünde, ähmiýeti boýunça örän ýokary, iň hormatly, iň arzyly, iň eziz zat hökmünde garalýar. Maşgala, onuň agzybirligine zeper ýetirjek hereketler berk ýazgarylýar. «Maşgalam — baş galam», «Maşgalada agzybirlik bolsa, hazyna gerek däl» ýaly nakyllardyr atalar sözleri hem ýöne ýere döredilmändir. Adamzadyň ýaşaýşynyň dowamy bolan ogul-gyz, çaga, zürýat, perzent düşünjesi hem maşgala degişlidir. Zürýat, perzent terbiýesi hem maşgalada alnyp barylýar. Halk arasynda maşgalany bozmagyň, oňa hyýanat etmegiň nä derejede gabahat işdigi barada çeper halky eserler, täsirli kyssalar döredilip, olarda ynsany ahlak päkligine ündemek öňe sürlüpdir.

Maşgaladaky gatnaşyklarda esasy borç, köplenç, atanyň boýnuna düşýär. Ol maşgalanyň eýesi, ekleýjisi, terbiýeçisi, goragçysy hasap edilýär. Şol sebäpden bolmagy mümkin, atanyň «sesi eşidilip» dursa, oňa gulak asylýan, maslahat salynýan bolsa, şol maşgalada tertip-düzgün bolýar, agzybirlik saklanýar. Maşgaladaky çaga terbiýesi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. Muňa «Ata ogly ata çeker», «Atadan nesihat alan ogul kethuda bolar», «Atadan ogla miras, eneden — gyza», «Ata gören ýol keser, ene gören don keser», «Ata dünýäsi ogla gönezlik» ýaly parasaty pähimler hem şaýatlyk edýär. Şoňa görä-de, ýaş maşgalanyň ilkinji ädimleriniň agzybirlige tarap ädilmeginde, olaryň maşgala gatnaşyklarynyň gowulyga, sylag-hormata esaslanmagynda, biri-birine gadyr goýup ýaşamagynda ata-eneleriň jogapkärçiligi örän uludyr.

Bazarbaý BAÝJANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.