Ýaşyl tugy al-asmanda parladyp

31 Mart 2021
1455

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda sportuň dürli görnüşlerini ösdürmek, jemgyýetçilik durmuşyna köpçülikleýin bedenterbiýäni ornaşdyrmak we ilatyň saglygyny berkitmek barada edilýän aladalar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Milli Liderimiziň «Türkmenistan dünýä üçin, ähli ugurlar boýunça giň halkara hyzmatdaşlygy üçin açykdyr» diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden aýdan sözleri sporta hem doly derejede degişlidir.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi türkmen sportunyň ösüşine giň ýol açýar, türgenlerimiziň bolsa dünýä çempionatlaryna, halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, uly üstünlikleri gazanmaklaryna, tejribelerini artdyrmaklaryna oňyn mümkinçilik döredýär. Muňa türkmen türgenleriniň geçen ýyllaryň dowamynda geçirilen halkara ýaryşlarynda gazanan baýrakly orunlarynyň görnetin artandygy hem şaýatlyk edýär. Milli Liderimiz sport we bedenterbiýe hereketiniň maksada okgunlylyga höweslendirýän sagdynlygyň hem-de güýç-kuwwatyň çeşmesi bolup durýandygyny nygtamak bilen, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty durnukly ösüşiň uzakmöhletleýin maksatlaryna ýetmek üçin anyk ugur hökmünde kesgitleýär. Bu ugurda özygtyýarly, baky berkarar Watanymyzyň halkara hyzmatdaşlygy häzirki wagtda sportuň halklaryň we döwletleriň arasynda özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynda hem-de giňeldilmeginde möhüm serişdeleriň biridigine çuňňur düşünilmegine esaslanýar.

Maýsa MAKGYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.