Baýram Welmyradow
«Edebiýat we sungat» ýyllaryň dowamynda edebiýaty, sungaty söýüjileriň ençeme nesli üçin özboluşly mekdep bolup geldi. Bu gazetiň redaksiýasynda dürli döwürlerde sütün-sütün halypa ýazyjylar, ussat žurnalistler işlediler. Her haýsy bir dünýä bolan ol halypalary ýagşylykda ýatlap durmak maksady bilen gazetimizde “E-S-e” ykbalyny baglanlar” atly rubrikany açmagy makul bildik.