Tebigata aýawly garamak, daşky gurşawy goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek, ýer-suw serişdeleriniň oýlanyşykly ulanylmagyna, çölleşmä garşy göreşmek, tebigatyň täsin künjeklerini gorap saklamak, deňiz gurşawyny we Hazar deňziniň biologiýa köpdürlüligini goramak, Araly guramakdan halas etmek ýaly ekologik meseleler şol ugruň çözülmesini talap edýän esasy şahalarydyr. Her bir türkmenistanlynyň muňa dogry akyl ýetirip, agzybirlikde göreş alyp barmagy bolsa bu babatda gazanjak iň uly ýeňşimizdir.
Hut şu aýdylanlardan ugur alyp hem, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň möhüm ugurlary bolan daşky gurşawy, tebigatyň biodürlüligini, gözelligini goramak bilen bagly düýpli işler durmuşa geçirilýär. Şol alnyp barylýan işler tutuş adamzadyň şu günki hem ertirki ýaşaýşynyň kadaly, durmuşynyň abadan, sagdyn bolmagyna gönükdirilendir. Bu babatda Türkmenistan halkara derejesinde çözülmegini talap edýän suw-energetika, ýer we biologik serişdeleri rejeli peýdalanmak, biologik köpdürlüligi, tebigaty goramak, çölleşmä we tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny, ekologik biodürlüligi goramak, bütin adamzady agyz suwy bilen üpjün etmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak, ilata ekologiýa bilimini bermek ýaly ençeme meselelere garşy göreşmekde öz mynasyp goşandyny goşýar. Şol işleri durmuş ýüzünde amal etmek ugrunda bolsa Türkmenistan döwletimiz dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen işjeň gatnaşyklary saklaýar.