Dünýäniň meşhur ýollary

20 Mart 2021
3416

Täsin köçe

N.Andalyp ýoly paýtagtymyz Aşgabadyň iň giň, uzyn hem-de döwrebap köçeleriniň biridir. Şäheriň iň gatnawly köçeleriniň biri hasaplanýan bu ýolda hiç hili ýolyşygy ornaşdyrylmadyk. Emma muňa garamazdan, N.Andalyp köçesiniň ugrunda awtoulaglaryň päsgelçiliksiz hereket etmegi üçin birnäçe aýlawlar, sowma ýollar, pyýada geçelgeler bar. Köçäniň ugrunda ýokary okuw mekdepleri, bazar, işewürlik merkezleri, kafedir restoranlar, söwda merkezleri we döwrebap ýaşaýyş jaýlary ýerleşýär, köçede awtomobil dykynlary döremeýär. Mundan başga-da, ýoluň ugrunda pyýadalar üçin ýörite ýerasty we ýerüsti geçelgeler bar. Köçäni ýylyň ähli paslynda al-elwan güller bezeýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Çaryguly HANJAÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.