Aşgabat — sungat şäheri

18 Mart 2021
1399

Gözel ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, düýpli özgerişlere eýe boldy. Gysga wagtyň içinde dünýäde deňi-taýy bolmadyk binalaryň ençemesiniň gurulmagy paýtagtymyzyň binagärlik keşbinde gaýtalanmajak özboluşlylygy döretdi.

2013-nji ýylyň 25-nji maýynda, paýtagtymyz Aşgabat, ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda täze sahypany açdy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik ylhamynyň, döredijilikli gözlegleriniň miwesi bolup, ýüreklerde buýsanç duýgularyny döretdi. Milli Liderimiziň şeýle hoş habaryň dünýä ýaýran senesini — 25-nji maýy Aşgabat şäheriniň güni diýip yglan etmegi bolsa şol buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň ylhamly başlangyçlary bilen görkanalyk lybasyna beslenýän paýtagtymyzyň ady Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna birnäçe gezek girizildi. Şeýlelikde, Arkadagymyzyň ylhamyndan dörän gudratyň ýüreklere ylham paýlamagy netijesinde bagtyýar zamanamyzda Aşgabat hakdaky ajaýyp eserleriň ençemesi dünýä indi. Şahyrlarymyz, ýazyjylarymyz, suratkeşlerimiz, kompozitorlarymyz öz eserlerinde aşyklar şäheriniň waspyny täze döwrüň joşgunyna kybap döretdiler, ýerine ýetirdiler. Hoş owazly aýdymçylaryň dilinde Aşgabadyň ady parahatçylyk, bagtyýarlyk mukamy bolup ýaňlanyp, dünýä ýol salýar.

Güljeren ÝAGŞYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.