Ertekileriň üsti bilen iňlis dilini öwretmek

14 Mart 2021
2361

Dil endiklerini ösdürmek iňlis dili sapagynyň esasy maksadydyr. Edebiýat okuwçylara iňlis dilini öwrenmäge ýardam berjek serişdeleriň köpüsini özünde jemleýär. Alymlar hekaýalaryň, ertekileriň çagalaryň aň-bilim taýdan kämilliginde uly ornunyň bardygyny belläp geçýär. Dil öwrenilip başlanylanda, ilkinji nobatda, oňa höwes döretmek zerurdyr. Şu nukdaýnazardan edebiýat özüniň baý mazmuny bilen täze dili oňat özleşdirmäge ýardam berýär. Şeýle hem ol usullaryň dürli görnüşlerini, gyzykly temalary hödürleýär. Şunlukda, okuwçylar eseriň gahrymanlary, sýužeti bilen içgin tanyşýarlar. Bu bolsa olara dili has oňat öwrenmäge ýardam berýär.

Okuw kitaplarynda berlen tekstler pedagogik sebäplere görä saýlanylyp alynýar we köplenç olar kiçi ýaşly çagalarda uly gyzyklanma döretmeýär. Olar bilen deňeşdirilende, ertekiler çagalarda uly täsir galdyryp, bilesigelijilik häsiýetlerini artdyrýar.

Laçyn GELDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.