Döwletliligiň gözbaşy

11 Mart 2021
2032

Gahryman Arkadagymyz dünýä okyjylar jemgyýetine «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseri sowgat etmek bilen, zenanlara sarpa goýmagyň belent nusgasyny görkezdi. Çünki hormatly Prezidentimiziň gyz-gelinlere goýýan sarpasy, bimöçber tagallasy netijesinde mähremligiň, gözelligiň, eli çeperligiň, päkizeligiň, edep-ekramyň ajaýyp nusgasy bolan türkmen eneleri, zenanlary eşretli zamanamyzyň hözirini görüp ýaşaýarlar.

Maşgala — her ynsanyň dünýäde iň eziz görüp, mukaddes hasaplaýan öý-ojagy. Maşgalada agzybir bolup, asudalykda, bilelikde ýaşamak her bir adamyň esasy arzuwy bolup, şeýle maşgalalar halk içinde «Döwletli, sylanýan maşgala», «Bagtly maşgala» diýlip atlandyrylýar. Maşgala agzalarynyň ulyny uly hökmünde hormatlap, kiçini kiçi ýerinde sylamagy — maşgalanyň iň gymmatly baýlygy. Maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowy bolmagy, ýurduň ösüş depginine oňaýly täsir edýär.

Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.