Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda asyrlarboýy dowam edip gelýän milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde we ony dünýä ýaýmakda uly tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Türkmen medeniýeti», «Parahatçylyk sazy — dost-doganlyk sazy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly gymmatly eserleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, yhlasly zähmet çekýän medeniýet işgärleriniň biri hem Wekilbazar etrabynyň Hydyr bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň skripka mugallymy Ysmaýyl Döwletgeldiýewdir.