Sport — dost-doganlygyň ýoly

9 Mart 2021
1297

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda geçirilýän sport çäreleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetiniň sagdynlygynyň, nesilleriň sazlaşykly beden we ruhy taýdan ösüşiniň aýrylmaz düzümine öwrüldi.

Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmakda, ýaşlary zähmetsöýer, päk ahlakly, watansöýüji nesiller edip terbiýelemekde bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýetiniň örän uludygyny hormatly Prezidentimiz ýygy-ýygydan belläp geçýär. Munuň özi bagtyýarlyga, eşretli durmuşa, sagdynlyga we dostluga aýdyň ýoldur. Bedenterbiýe we sport ynsan saglygyny berkitmekde iň bir ygtybarly hem-de hemmelere elýeterli serişdedir. Sport ynsan saglygyny berkitmek bilen bir hatarda onuň şähdini açýar, ýaşaýşa bolan hyjuwyny, zähmete ukybyny artdyrýar. Şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerini ýaýbaňlandyrmak, ýokary netijeli sporty ösdürmek bilen baglanyşykly işler toplumlaýyn häsiýetde durmuşa geçirilýär. Bu ugurda hemmetaraplaýyn we ylmy esasda amala aşyrylýan işler halkymyzyň saglygyny, ruhy we beden taýdan kämilligini nazarlaýar.

Nurjahan ATALYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.