Ýurdumyzda ýaş nesle kämil bilim bermek, olaryň ýokary aň-düşünjeli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup kemala gelmekleri ugrunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bimöçber aladalar edýär. Bilim ulgamyny ösdürmekde alnyp barylýan işler mugallymlary hem netijeli iş usullaryndan peýdalanyp döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Şunlukda, biz — mugallymlar geçýän her bir sapagymyzyň has-da täsirli bolmagyny gazanmakda häzirki zaman innowasion tehnologiýalardan ýerlikli peýdalanýarys. Men hem 1-nji synpyň okuwçylary bilen matematika dersinden «Wagt birligi. Sagat» diýen temadan guran görelde sapagymy kärdeşlerim bilen paýlaşmagy makul bildim.
Sapagymyň maksady okuwçylara wagt birligi, şeýle-de sagat barada giňişleýin düşünje bermekden, olarda bilime, ata Watanymyza, hormatly Prezidentimize, halkymyza söýgi döretmekden ybarat bolup durýar. Bulary okuwçylara düşündirenimde, sapagyň has-da täsirli bolmagyny gazanmakda interaktiw tagtadan, görkezme esbaplardan, sagatdan we oýunlardan peýdalandym. Sapagyň terbiýeçilik pursadynda çagalar bilen aý-günüň hasaby barada sowal-jogap alyşdym. Soňra Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen “Paýhas çeşmesi” atly kitapdan “Wagtda jylaw bolmaz” nakylyny okuwçylara okap berdim we onuň manysyny düşündirdim.