Kitap — ylym-bilimiň gözbaşy

9 Mart 2021
1259

Durnukly ösüşi nazarlap, beýik ynam bilen nurana geljegini döredýän eziz Diýarymyzda edebiýatyň, sungatyň we medeniýetiň örän uly orny bardyr. Çünki, ynsan ýaşaýşy, ösüşi we kämilleşmegi üçin esasy gymmatlyklaryň biri ençeme akyly, pähim-parasaty özünde jemleýän kitapdyr. Kitap egsilmez hazyna, bu durmuşyň lezzetini, hezzetini duýmak, peýdalanmak üçin uly gollanmadyr. Onuň sahypalarynda ýaşaýşyň möhüm ýörelgeleri bilen baglanyşykly ähli soraglara jogap tapyp bolýar. Kitaphana ylmyň we medeniýetiň ojagydyr. Gadymy Merwdäki, Köneürgençdäki kitaphanalara gelen Gündogar alymlary haýran galmak bilen öz ýazgylaryny galdyrypdyrlar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzyň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan şöhratly taryhyny, milli medeniýetini, edebiýatyny, sungatyny, ylmyny köpöwüşginli dil baýlygyny öwrenmekde, olaryň çuňňur many-mazmunyny dünýä ýaýmakda köp işler durmuşa geçirilýär. Merdana halkymyz hemişe kitabyň muşdagy bolup, ony akyl we edep mekdebi hasaplap gelipdir. Kitaby özüniň iň ýakyn dosty we maslahatçysy hasaplapdyr.

Halkymyzyň taryhynyň beýany bolan «Oguznama», «Gorkut ata» we «Görogly» ýaly gadymy eserleriň şu günlerimize gelip ýetmegi, olaryň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş dünýä halklarynyň ruhy gymmatlyklary hökmünde aýawly saklanylýandygy muňa aýdyň mysaldyr. Dünýädäki iň gadymy halklaryň biri bolan türkmenler hemişe kitaba, ylym-bilime, ylymly adamlara uly hormat goýupdyrlar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen medeniýeti» atly kitabyndaky: «Özünde döwrüň ruhuny, milletiň çeper-aň ösüşiniň keşbini, sowulmaz ylahy ylhamyň köňül joşgunyny jemleýändigi, kalplara tämizlik çaýýandygy üçin ylmyň, bilimiň, kitabyň gadyr-gymmaty ähli baýlykdan zyýatdyr» diýen jümleleri kitabyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem gadyr-gymmatynyň egsilmezdigine şaýatlyk edýär.

Täzegül MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçysy.