Ilkinji goşgym

4 Mart 2021
1122

Başgaça bolupdy meň üçin bar zat,
Gazetde çykanda ilkinji goşgym.
Alan ýaly boldum ullakan bir at,
Gazetde çykanda ilkinji goşgym.

Çaga ýaly boldum juda begenip,
Öwgimi ýetirdi ejem guwanyp,
Hasam hyjuw döräp gitdim beýgelip,
Gazetde çykanda ilkinji goşgym.

Gunça MYRADOWA,
Sarahs etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň mugallymy.