Mugallym mekdepde başlangyç synplary okatmak üçin çagalar bilen umumy dil tapmaly bolýar. Olaryň okuwa bolan höwesini artdyrmak bolsa esasy zerurlyklaryň biridir. Başlangyç synpda okuwçylar birnäçe dersler boýunça okadylýar. Ilkibaşda olara sapaga girişmek ýeňil düşmeýär. Şonuň üçinem çagalary okatmakda dürli usullary ulanýaryn.
Başlangyç synpyň okuwçylaryna matematika dersini öwretmekde görkezme esbaplardan, interaktiw tagtadan yzygiderli peýdalanýaryn. Sanlar bilen baglanyşykly geçilýän temalarda okuwçylaryň ünsüni bir ýere jemlemäge çalyşmaly. Mysal üçin, matematika dersinden sanlar bilen baglanyşykly temalar geçilende hem beýleki dersler bilen baglanyşdyrmak mümkin. Munda harplyk ýa-da ene dili, türkmen dili, surat sapaklary bilen hem baglanyşdyryp bolar. Multimedia tagtasynda okuwçynyň özi bilen bilelikde işläp, taýýar prezentasiýalar görkezip hem bolar. Şeýle usullar sapak guralanda ulanylsa, onuň netijesi ýokary bolýar. Geliň, käbir mysallara ýüzleneliň!