Ýeňişli ýola badalga

3 Mart 2021
1265

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň döwrüň talaplary esasynda bilim almagy, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy, edep-terbiýeli, ata Watana, il-güne, merdana pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň möçberli möhüm özgertmeleri amala aşyrýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky ösüşleriň ilerlemegi, kämilleşmegi ýaş zehinleri ýüze çykarmakda hem aýratyn ähmiýete eýedir.

Ýakynda ýaş zehinleri ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda, orta mekdepleriň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Ýylyň okuwçysy — 2021» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Bäsleşik 4 tapgyrdan ybarat bolup, 1-nji tapgyrynda okuwçylaryň jemleýji ýyllyk bahalaryna we 11-nji synpa çenli dürli ugurlar boýunça mynasyp bolan Hormat hatlaryna seredildi. 2-nji tapgyrda okuwçylar Türkmenbaşy etrap bilim bölümi tarapyndan takyk, ynsanperwer we tebigy ugurly bilimler boýunça düzülen sowallara jogap berdiler. 3-nji, 4-nji tapgyrlarda bolsa öz döredijilik başarnyklaryny aýratynlykda görkezdiler we özleriniň saýlap alan erkin temalary boýunça çykyş etdiler.

Hojaguly SOLTANMYRADOW,
TGM-niň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary — okuw bölüminiň müdiri, uly leýtenant.