Ýaş nesle beýik döwrümize mynasyp bilim we terbiýe bermekde mugallymlara uly orun degişlidir. Olaryň kärine kämil, hünärine ussat bolmaklary, işine döredijilikli çemeleşmekleri esasy talap bolup durýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz öňümizde örän wajyp wezipeleri goýýar. Munuň özi bilim işgärleriniň ýurdumyzyň, milletimiziň geljeginiň öňünde uly jogapkärçilik çekýändigi bilen baglanyşyklydyr. Biz hem bu talaplardan ugur alyp, gündelik işimizde mugallymlary ýaş nesli okatmak we terbiýelemek işinde öňdebaryjy usullara daýanmaga höweslendirýäris. Şonuň netijesinde möhüm meselelerde oňyn görkezijilere eýe bolunýar. Olar hakynda gürrüň etmek örän ýakymlydyr. Ine, şu okuw ýylynyň ýanwar aýynda bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen usuly-amaly okuwyň çäginde guralan görkezme esbaplaryň sergisinde mekdebimiziň informatika-fizika mugallymy Didar Hangeldiýewiň sapaklarda okuwçylaryň bilimini we dünýägaraýşyny ösdürmek maksady bilen taýýarlan toplumy baş baýraga mynasyp boldy.
Saýlap alan kärine ähli ukyp-başarnygyny bagyş edip, beden taýdan güýçli we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary ýetişdirmek işinde mekdebimiziň bedenterbiýe mugallymy Şakirjan Ýaşuzakow yhlaslylyk we ussatlyk görkezýär. Ol bilim işgärleriniň arasynda guralýan bäsleşigiň «Iň gowy sport zaly» ugry boýunça indi birnäçe ýyldan bäri etrap, welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolup gelýär. Mekdebimiziň ýaş türgenleriniň dürli derejede geçirilýän sport bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeläp gelýändikleri bolsa tejribeli mugallymyň çekýän zähmetiniň mynasyp miwesini berýändigini aýdyň görkezýär.