Bilimli ýaşlar — buýsanjymyz

2 Mart 2021
1475

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň binýatlaýyn esasy barha pugtalandyrylýar, ýaşlaryň dünýä derejesinde kämil bilim almaklary üçin uly aladalar edilýär. Berilýän bilimiň halkara tejribesiniň öňdebaryjy usullary bilen milli ýörelgeleriň esasynda utgaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Şonuň üçin hem täze okuw maksatnamalary kabul edilýär, döwrebap okuw sapaklary girizilýär, okuw gollanmalarynyň, kitaplaryň goşmaça maglumatlar bilen baýlaşdyrylan täze görnüşleri çap edilýär.

Okuwçy ýaşlaryň arasynda dersara we döredijilik bäsleşikleri yzygiderli guralýar. Mekdep okuwçylary bu bäsleşiklere gatnaşmak bilen öz ukyp-başarnyklaryny artdyrýarlar hem-de zehinlerini açyp görkezýärler. Diňe ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ders bäsleşiklerinde hem türkmenistanly mekdep okuwçylary baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler çagalaryň ylym-bilim hem-de zehin babatda kämilleşmegine itergi berýär, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge, ukyp-başarnyklaryny doly derejede açmaga ýardam edýär.

Aýna SAPAROWA,
Halaç etrabyndaky ýöriteleşdirilen 34-nji orta mekdebiň mugallymy.