Ýaş nesil hakynda alada

1 Mart 2021
1329

Mähriban Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan kemal tapan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ýaşlar baradaky alada döwlet syýasatynyň möhüm bölegidir. Gahryman Arkadagymyz ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, edepli-ekramly bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýär. «Ylym-bilim adamzada durmuş ýolunda üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýär. Hut şonuň üçin hem, eziz çagalar, siz wagtyňyzyň köp bölegini sowat öwrenmäge, bilim almaga sarp edip, bilimi, ylmy durmuşyňyzyň aýrylmaz bölegine öwürmelisiňiz!» diýip, bize uly ynam bildirýär.

Şeýle uly ynamy ödemek biziň esasy maksadymyzdyr. Şonuň üçinem ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, kuwwatlanmagyna goşant goşjak hünärli, ilhalar adamlar bolup ýetişmek üçin yhlasly okaýarys, bilimleri başarnykly ele alýarys. Sebäbi hemmetaraplaýyn kämil nesiller bolup ýetişmegimiz üçin ýurdumyzda durmuşa geçirilýän tutumly işler bizi üstünliklere ruhlandyrýar.

Arça GARAJAÝEWA,
Bereket etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.