Ulgamyň binýady berkeýär

1 Mart 2021
1429

Türkmenistanda ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almaklary, saýlap alan ugurlary boýunça ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Dünýä tejribesine we milli aýratynlyklarymyza esaslanyp, bilim ulgamynyň täzeçe keşbi kemala getirildi. Orta mekdeplerde, başlangyç hünär we orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde dünýä tejribesinden ugur alnyp, täze dersler okadylyp başlandy hem-de okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň ençemesi neşir edildi. Ýurdumyzda bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy daşary ýurtlaryň bilim edaralary we ýokary derejeli hünärmenleri bilen geçirilýän onlaýn görnüşdäki sapaklaryň ýola goýulmagyna itergi berdi. Bilim ulgamynda dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesini öwrenmek hem-de degişli ugurda hyzmatdaşlyk etmek babatda uly üstünlikler gazanyldy.

Ýurdumyzda hereket edýän maksatnamalara we «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, dünýä ylmynyň gazananlaryny özleşdirmek, bilim ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ulgamyň işini häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işler giň gerimde alnyp barylýar. Bu bolsa ylym-bilim ulgamynyň mundan beýläk-de netijeli ösdürilmeginde we ählitaraplaýyn ussat hünärmenleriň taýýarlanylmagynda uly ähmiýete eýedir. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlarynyň esasynda ýurdumyzyň halkara derejesindäki bilim hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigine we şonuň netijesinde uly ösüşleriň gazanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Humaý GAPLAŇOWA,
Serdar etrabyndaky 7-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.