Utgaşdyrylan sapaklary guramak

28 Fewral 2021
2323

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ýaşlara ylym-bilim we terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak, okatmakda innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak bilim işgärleriniň öňünde uly wezipe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň döwrüň talabyna laýyk bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri döredýär. Sanly bilim ulgamy barha kämilleşdirilýär. Bu döredilýän şertlerden peýdalanyp, ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim bermek mugallymlaryň jana-jan borjudyr.

Sapak geçilende innowasion tehnologiýalardan, elektron gollanmalardan peýdalanmak okuwçylaryň temany has netijeli özleşdirmegine ýardam berýär, çünki görmek arkaly öwrenilen tema eşitmek arkaly öwrenilen temadan has gowy özleşdirilýär. Sapakda dersara baglanyşygy ulanmak bolsa okuwçylara düşündirilýän temanyň has üns çekiji bolmagyna getirer. Şu aýdylanlardan ugur alyp, men öz okadýan 8-nji synpymda informatikadan “Multimedia elementleri bilen prezentasiýalary döretmek» diýen temany geçenimde edebiýat dersi bilen baglanyşdyrdym. Sapakda öýe berlen ýumuşlary sorap, öý işini jemlänimden soň, okuwçylara birnäçe soraglary hödürledim, mysal üçin, “Gurbannazar Ezizow kim?”, “Gurbannazar Ezizowyň nähili goşgularyny bilýärsiňiz?”.

Gülistan NEPESOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň mugallymy.