Habarlar

26 Fewral 2021
698

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmen alabaýynyň baýramy döredildi.

Permana laýyklykda, Türkmen alabaýynyň baýramy her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde belleniler.

Metbugat habarlary esasynda taýýarlanyldy.