XXI asyr maglumat tehnologiýalarynyň barha ýokary depginler bilen ösýän döwrüdir. Häzirki wagtda ylmyň iň soňky gazananlary bolan innowasion tilsimatlar durmuşymyzyň ähli ulgamlarynda özüniň mynasyp ornuny tapdy. Munuň özi ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagyny, sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegini üçünji müňýyllygyň derwaýys talaby hökmünde öňe çykardy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Bu babatda ulgamyň işini döwrebap guramak we innowasiýa üpjünçiligini gowulandyrmak, tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we sanly bilime geçmek boýunça uly işler alnyp barylýar.