Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde guramaklarynda Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde talyp ýaşlar bilen duşuşyk geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çärede çykyş edenler üstümizdäki ýylyň şeýle atlandyrylmagynyň her bir türkmenistanlynyň buýsanjyny artdyryp, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrandygyny nygtadylar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyzda uly ösüşleriň gazanylýandygy, belent sepgitlere ýetilýändigi, ýurdumyzyň ykdysady taýdan barha kuwwatlanýandygy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha ýokarlanýandygy, häzirki wagtda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýandygy, tutuş Ýer ýüzünde belent abraý-mertebä eýe bolýandygy barada çykyşlarda birin-birin durlup geçildi.