Şu ýylyň 15-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz «Malaý» gaz käninde bolup, bu ýerde gurlan gaz gysyjy desganyň işine ak pata berdi. Bu taryhy waka mynasybetli guralan dabara gatnaşmak maňa-da miýesser etdi. Gahryman Arkadagymyz dabarada eden çykyşynda täze gurulýan desgalarda ekologik howpsuzlygyň talaplarynyň berk berjaý edilýändigini aýratyn nygtady. Kuwwatly desganyň bu babatdaky kadalara doly laýyk gelýändigi guwandyryjydyr. Bulardan başga-da desgada zähmet çekýänler üçin amatly iş we durmuş şertleriniň döredilendigini bellemek ýakymlydyr. Kuwwatly desganyň kämil kompýuterleriň we awtomatiki enjamlaryň üsti bilen dolandyrylmagy bolsa işlemek üçin goşmaça amatlylyklary döredýär.
Tebigy gaz ýurdumyzyň uly baýlygy bolup, ol ösüşlere, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga, ilatyň ýaşaýşyny abadançylyga beslemäge hyzmat edýär. Malaýdan türkmen gazynyň alysdaky Hytaý döwletine bökdençsiz akdyrylmagyny üpjün etmek ugrundaky ähmiýetli işe dürli hünärli işgärlerimiz ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Olar kuwwatly desgada işleriň sazlaşykly gitmegini, «mawy ýangyjyň» akymynyň üznüksiz bolmagyny gazanmak ugrunda tutanýerli we başarnykly zähmet çekýärler. Şeýle işgärleriň hatarynda çalşyk inženeri Deňiz Annakuliýew, slesarlar Gylyçly Öwezow, Perman Atabaýew, maşinistler Azat Isaýew, Merdan Döwletow dagynyň atlaryny ilkinjileriň hatarynda agzamak bolar. Baýlyk çykaryjylarymyz şeýle häzirkizaman desgany gurdurandygy we ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna ýokary netijeli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredendigi üçin hormatly Prezidentimize kalplarynyň töründen çykýan alkyş sözlerini aýdýarlar.