Waspyň ýazylar zer bilen

19 Fewral 2021
1133

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz Türkmenistan ähli ugurlar babatda ýokary depginler bilen ösýär. Halkara jemgyýetçiliginde bedew batly ösüşi bilen tanalýan ýurdumyz ylym-bilim, medeniýet, ykdysadyýet babatda ýokary görkezijileri gazanyp, dünýä ýüzüniň ünsüni çekmegi başarýar. Milli Liderimiziň baştutanlygynda döwletli Diýarymyzda beýik maksatlary nazarlaýan her bir asylly niýetiň, ajaýyp pikiriň desbi-dähel ugrugyp gitmegi bizi juda buýsandyrýar. Girişilýän we amala aşyrylýan tutumly işler bereketli topraga sepilen her bir dänäniň, tohumyň günsaýyn boý alşyny ýadymyza salýar. Bularyň ählisi döwletliligiň, bereketliligiň aýdyň nyşanydyr.

Her gezek ýurdumyzdaky beýik taryhy wakalaryň şaýady bolanymyzda, köňlümizde buýsanç, göwnümizde guwanç duýgulary zybanymyzda Gahryman Arkadagymyza bolan alkyşly sözler bilen utgaşyp, täsin duýgulary peşgeş edýär.

Tawus KAKAÝEWA,
«Watan».