Milli ykdysadyýeti ösdürmekde aýdyň wezipeler

12 Fewral 2021
972

10-njy fewralda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljek ýyl üçin kesgitlenen anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, bank düzümleriniň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlary gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda maliýe we ykdysadyýet ministriniň, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň, ýurdumyzyň Merkezi bankynyň başlygynyň we beýleki banklarynyň ýolbaşçylarynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektorlarynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowyň hasabatlaryny diňläp, olara degişli ugurlarda anyk tabşyryklary berdi.

«Watan».