Durmuş (hekaýa)

11 Fewral 2021
838

Garaşylmadyk habaryň adamyň enterpelegini aýlaýmasy geň zadam däldir welin, meniňki olam däl. Haçandan bäri garaşyp ýören habarym. Näme habardyr öýdýäňiz? Meniň bolup ýörşümi görenler-ä garaşýan habarymyň bäbekhanadan gelmelidigine bada-bat düşünselerem düşünerler. Ýöne, muňa garamazdan, meniň bolşum düýbünden başgaçady.

Bir pikir eden zadymy telim pikir edip, bir eden işimi soň ýene gaýtalap, garaz, öz wagtymy özüm «iýip», bäbekhana gitmeli wagtyma sabyrsyzlyk bilen garaşyp ýörşümdi. Ýöne meniň ähli başagaýlygym hoş habary eşidişimdäki düşen ýagdaýymyň ýanynda hiç zat boldy galyberdi.

Meretgylyç ATABAÝEW.