Obalaryň birinde bolup geçen bu waka dogrusynda men öňräk eşitdim. Obada ýaşaýan adamlaryň biriniň mellegindäki belent başly dereginde gyrgy höwürtgeleýär. Ol adamyň goňşulary gelip, ondan gyrgynyň höwürtgesini ýok etmegini soraýarlar.
— Gyrgylar towuklardan jüýje aldyrmaz. Owlak-guzam bolsa almagy mümkin — diýip, özleriniňkini delillendirjek bolýarlar. Ýaňky adam birbada razy boljak ýalam edýär. Birdenem çürt-kesik pikirinden dänýär: