Taryhy sarpalaýan kitap

4 Fewral 2021
1167

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly taryhy eseriniň birinji kitabynyň «Sarahs bilen Änewiň aralygynda» diýen bölüminde Muhammet Togrul begiň, Çagry begiň 1000 — 1050-nji ýyllaryň aralygynda Mäne babadan döwlet tutmak we ýeňiş gazanmak üçin pata almaga gidendigi beýan edilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň geçmişden söz açýan bu eseriniň ikinji kitaby «Jeýhundan Hazara çenli», «Günortadan Demirgazyga tarap ugur» diýen bölümlerden durýar. Bu kitapda «Şahsyýetler we Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy wakalarynyň senenamasy» baradaky maglumatlar hem uly orun alypdyr.

Azat GYLYJOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.