Ene ýüregi(hekaýa)

4 Fewral 2021
924

Kä ýyl bahar aýlary daglardan sil gelip, derýalary joşdurýar. Suwuny hanasyna sygdyryp bilmedik derýalar öz kenaryny üznüksiz ýykýar. Bu ýagdaý uly adamlardan, çopan-çoluklardan has-da hüşgär bolmaklygy talap edýär.

Uruşda ýogalan ýanýoldaşynyň yzynda galan ýeke dikrary Begmyratjygy saklap oturan Heseli aljyradan şol mylaýym güneşli günem derýa tarapdan yzyny üzmän gümmürdi geldi durdy. Begmyrat ir bilen-ä işiklerindäki eşegarka kepbäniň gapdalynda akbaý bilen oýnap otyrdy. Birdenem gürüm-jürüm bolaýdy. Işikde ýüň boýap oturan Hesel ilk-ä: «Aý, goňşulara dagy barandyr-da», diýip, ogluny känbir ýoklabam durmady. Günortanyň öň ýanlary boluberende welin, enäniň ýüregine birdenkä howsala düşmäge başlady. Kalby bir zat syzan ýaly, edip oturan işini taşlap zöwwe ýerinden galdy. Ilk-ä ýüreginiň gürsüldisine, soňam dynuwsyz güwwüldeýän derýa tarap diň saldy. Ylgap baryp aşak ýanlaryndaky goňşusy Tuwak daýzadan: «Begmyrat jan sizde-hä däldir?» diýip sorady. Hopukdy. Ýoklugyny bilensoň, aňyrky goňşulara tarap ylgady. Arasynda: «Akbaý, Akbaý!» diýibem gygyrdy. Obanyň içinden kelteräk bir öwrüm etdi-de, tam kepbesiniň güneşinde sakgal-murtuny bejerip, her gümmürdi eşidilende-de: «Haý, pylan güzeriň kenary gitd-ow. Aýuwly güzer-ä bu ýylam kenaryny sile bermäýse gerek. Ana, indem pylan kenar ýykyldy» diýip, geplenjiräp oturan Isaguly agaň gaşyna bardy. Isaguly aga onuň içki harasatyndan bihabar: «Hesel, bi nä, eliň ýüňli aljyrap ýörsüň? Ýa reňkiň almadymy?» diýip, loh-loh gülen boldy.

Juma HUDAÝGULYÝEW,
ýazyjy.