Saglyk tämizlikden başlanýar

4 Fewral 2021
1232

Otaglardaky tozana garşy göreşmegiň esasy ýoly arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmekdir. Otaglardaky tozanlardan dynmagyň ygtybarly ýoly çyglandyrylyp geçirilýän tämizleýiş işleridir, tozanlary çygly esgileriň we tämizleýji serişdeleriň kömegi bilen aýyrmakdyr. Bu tämizleýiş usuly häli-häzire çenli iň ygtybarly we amatly ugurlaryň biri bolup durýar. Şeýle arassaçylyk çäresini hepdäniň dowamynda birnäçe gezek geçirip durmaly.

Adam günüň köp bölegini otaglarda, ýagny öýde, edara-kärhanalarda geçirýär. Şeýle bolansoň, girip-çykylýan otaglary arassa saklamak sagdyn ýaşaýşyň iň zerur şertidir. Otaglarda tozanyň ýygnanmagy adam saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýär. Bu ýygnanýan tozanlar düzümi boýunça hem dürli-dürlüdir. Tozan bölejikleri adam bedenine dem alyş ýollarynyň üsti bilen düşüp, zyýanly täsirini ýetirip başlaýar. Şoňa görä, otagda arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek tozanyň zyýanly täsirlerinden we mikroblaryň ýaýramagyndan goranmagyň amatly ýoludyr. Galyberse-de, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek bilen, töweregiňizdäkileri dürli kesellerden goraýarsyňyz.

Kümüş NEPESOWA,
Aşgabat şäherindäki 3-nji Saglyk öýüniň baş lukmanynyň orunbasary.