Uçar menzilinde oturan gyzyň bolşy nirädir bir ýere howlugýana meňzeýärdi. Munuň özi ýöne ýerden däldi. Onuň uçmaly wagty eslije soňa süýşürilipdi. Ol biraz oturansoň, turup gitdi-de, wagt geçirmek üçin kitap, iýer ýaly bir gap köke satyn alyp geldi. Soňam öňküje ýerine geçip oturdy. Kitabyny çykardy-da, goştorbasyny gapdaldaky boş oturgyçda goýdy. Ol goştorbasynyň ýanynda goýan kökesinden iýip, kitap okap başlady. Şol wagt boş durandan aňyrky oturgyçda žurnal okap oturan ýaş ýigidem onuň kökeli gabyna elini uzadyp, birini alyp, agzyna atdy. Gyzyň muňa gahary gelse-de, sesini çykarman, kitap okamagyny dowam etdirdi. Her gezek köke alanda, gapdaldaky ýigidem birini alyp, agzyna atýandygyna gyzyň gahary ýetjek derejesine ýetdi. Ýöne köpçülikde goh turuzmazlyk üçin sesini çykarmady.
Gapda ýekeje köke galanda gyz öz ýanyndan: «Indi bu gödek kişi näme ederkä?» diýip pikir etdi. Göýä onuň pikirini okaýan ýaly, ýaş ýigit kökäni aldy-da, ikä bölüp, gabagyny-da galdyrman oturyşyna, ýarysyny gyza uzatdy. Şondan artyk çydap oturyp bilmedik gyz goşlaryny aldy-da, ol ýerden daşlaşmak bilen boldy.