Bilimli ýaşlar — ýurduň geljegi

4 Fewral 2021
1854

«Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň Ak bugdaý etrap tapgyry guramaçylykly geçirildi. Etrapdaky 1-nji, 16-njy hem-de ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdeplerde guralan bäsleşige onuň mekdebara tapgyrlarynda öňe saýlanan 9-njy, 10-njy, 11-nji synp okuwçylary gatnaşyp, degişli dersler boýunça bilim we zehin başarnyklaryny görkezdiler.

Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň arasyndan zehinleri ýüze çykarmakda we olaryň bilime höwesini artdyrmakda uly ähmiýete eýe bolan bäsleşigiň nobatdaky tapgyry netijeli häsiýeti bilen tapawutlandy. Ýaşlar oňa işjeň gatnaşyp, bilime ymtylyşyny we höwesini aýan etmegi başardylar. Munuň özi türkmen dili, rus dili, iňlis dili, taryh, matematika, informatika, biologiýa, geografiýa, himiýa, fizika ýaly dersler boýunça aýratyn tapawutlananlary öňe saýlamaga şert döretdi. Bäsleşigiň netijesinde 9-njy, 10-njy, 11-nji synp okuwçylarynyň arasyndan agzalan dersleriň her biri boýunça ýeňijiler aýratynlykda kesgitlendi. Onda birinji, ikinji, üçünji orunlara mynasyp bolan ýaşlar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmak bagtyna eýe boldular.