Durnukly ösüşi üpjün etmegiň wajyp wezipeleri

31 Ýanwar 2021
898

Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Döwletimiziň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylan bu mejlisde käbir resminamalaryň taslamalaryna hem garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda durmuşa geçirilen işler barada beren hasabatlaryny, şeýle hem Mejlisiň Başlygynyň bu babatdaky maglumatyny degişli yzygiderlilikde diňläp, olaryň her biri boýunça ähmiýet berilmeli işlere ünsi çekdi.

«Mugallymlar gazeti».