Söwda ulgamy we innowasiýalar

29 Ýanwar 2021
2482

Döwlet edaralaryny sanly ulgama geçirmegiň depginini ýokarlandyrmak geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezilýär. Häzirki döwürde gerimi giňeýän innowasion ösüş sanly söwda ulgamynyň çäklerine-de aralaşdy.

Onda internet dükanlaryň görnüşleri, hukuklarydyr borçlary, uzak aralykdan satylmagyna ýol berilmeýän harytlaryň sanawy, dermanhanalaryň elektron söwdany alyp barmaklarynyň aýratynlyklary, uzak aralykdan satylýan harytlaryň mahabatlandyrylyşy, harydy satyn almak-satmak şertnamasyny baglaşmak we ýerine ýetirmekden ýüz öwürmegiň ýagdaýlary, eltip bermegiň tertibi düzgünleşdirilýär. Bu döwrebap resminama sanly ykdysadyýetiň «ynamly ulanyjylaryny» emele getirmek, söwda ulgamyny sanlylaşdyrmak, internet dükanlarynyň işini ýola goýmagy kadalaşdyrmak ýaly maksatlara ýetmegi göz öňünde tutýar.

Jahan SÖÝÜNOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň öwreniji mugallymy.