Biz taryhymyzy düýpli öwrenmelidiris

28 Ýanwar 2021
1622

Mähriban Arkadagymyz Türkmenistanyň medeniýetine we mirasyna bagyşlanan kitaplarynda Ýewraziýanyň köp ýurtlarynyň we halklarynyň jemgyýetçilik durmuşynyň ilkinji aýdyň beýanyna öwrülen dünýä taryhynyň özboluşlylygynyň many-mazmunyny açyp görkezýär. Şol halklar yklymara kerwen söwdasy arkaly medeniýetleriň gatnaşyklarynyň başyny başladylar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda belleýşi ýaly, bu gadymy ulag ýolunyň kemala gelmeginde we işjeň hereket etmeginde türkmen halkyna esasy orunlaryň biri degişlidir.

Gadymy Aşgabadyň galalary, goralýan oturymly ýerleri we köşkleri ýarym aýlaw görnüşinde ýerleşip, gündogardan günbatara tarap uzalyp gidipdir. Olar Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ugurlarynyň ählisini öz içine almak bilen çäklenmän, eýsem, Parfiýanyň özüni we onuň baş şäherini – Parfiýa imperiýasynyň paýtagty bolan Nusaýy özüne birleşdiripdir. Taryhçylar häzirki Aşgabadyň merkezi bölegindäki oturymly ýeriň eýýäm şol döwürde uly şäher görnüşinde bolandygyny çaklaýarlar. Ol kärizler ulgamy bilen gurşalypdyr hem-de suw geçiriji ulgama eýe bolupdur.