Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça welaýatlaryň häkimleri hem-de beýleki käbir ýolbaşçylar Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, dürli ugurlarda iş tejribesi bilen tanyşdylar. Olar ilki bilen paýtagtymyzda, soňra Mary welaýatynyň häkimliginde milli Liderimiziň öňde goýan degişli wezipelerini toplumlaýyn ýerine ýetirmek boýunça işleriň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Iş saparyna gatnaşyjylar Maryda «Türkmeniň ak öýi» binasyna baryp gördüler hem-de ýyladyşhana hojalyklarynyň işini guramagyň oňyn tejribesini öwrenmek maksady bilen, Sakarçäge etrabynyň pomidor ösdürilip ýetişdirilýän ýyladyşhanasynyň işi bilen tanyşlyk guraldy. Bu ýerde geçirilen söhbetdeşlige ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan telekeçileri hem gatnaşdylar.
* * *