Ýagşy sözden göwün teselli tapsyn!

27 Ýanwar 2021
1544

Men 84 ýaşymyň ýedi ýaşyndan bärsini, okap, öwrenip, bilmäge çalşyp ýaşap ýörün. Häzirem ýylda 3-4 sany gazet-žurnala ýazylyp, olary yzygiderli okaýaryn. Kärim boýunça himiýa we biologiýa mugallymy.

53 ýyllap şu derslerden okuwçylara bilim berdim. Döwlet sylaglaryna, okuwçylarymyň, olaryň ata-eneleriniň, obadaşlarymyň hormatyna mynasyp boldum. Nusgawy şahyrlarymyzdan başlap, ondan bärdäki ýazyjydyr şahyrlarymyzyň, dünýä, rus, sowet edebiýatynyň görnükli wekilleriniň köpüsiniň diýen ýaly eserlerini okap çykdym. Şol kitaplar meniň gözýetimimi, dünýägaraýşymy giňeldipdi. Türkmen edebiýatynyň şamçyragy, genji-hazynasy, öçmez ýyldyzy Magtymguly pähimdarymyzyň dana goşgulary ylla daşa ýazylan ýaly ömürbaky ýadymda dur. Olar neneň unudylsyn?! Meniň Magtymguly atamyzy älem-jahana nur saçyp duran Güne, goşgularyny bolsa «Ýer göteren sary öküziň» (Magtymgulynyň goşgusyndan), ýagny Günüň san-sajaksyz şöhlelerine meňzedesim gelýär. Sebäbi onuň tematikasy Gün şöhleleri zeýilli uçursyz kän, sanap gutarar ýaly däl. Şolardan käbirini dile getireýin: Watanymyzy, il-günümizi, gözel tebigatymyzy söýmek, agzybirlik, dogruçyllyk, mertlik, wepalylyk, ata-ogul, dost-dogan gatnaşygy, rehimdarlyk, sahylyk, halallyk, alkyş almak, myhmansöýerlik, pähim-paýhaslylyk, geçirimlilik, öwüt-ündew, sabyrlylyk, şükürlilik, kanagatlylyk, göwünlik bermek — tesellilik, pespällik, dünýä akyl ýetirmek, töwekgellik, erbet endiklerden gaça durmak, zenan edebi, ula hormat goýmak, ýagşyň gadyryny bilmek...

Hojagylyç NAZAROW,
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.