Bilim we terbiýe — kämilligiň binýady

26 Ýanwar 2021
1838

Ýaşaýyş-durmuş diýen jümläniň özeninde Watan diýen uly düşünje bar. Ynsan balasy üçin ata Watanyndan, mähriban halkyndan, mukaddes topragyndan eziz zat ýok. Bu babatda biziň pederlerimiz watansöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetli gatnaşyklar kimin ajaýyp däp-dessurlary miras goýupdyrlar. Muňa biz halkymyzyň taryhyna göz aýlanymyzda aýdyň göz ýetirýäris. Diýarymyzda durmuşa geçirilýän her bir özgertme ýa-da tutumly işler halkyň erk-isleginden, jemgyýetiň azat-erkin, sagdyn ösüşi bilen bagly derwaýys talaplardan ugur alýar. Ýaşlara berilýän terbiýäniň hem özeni halkymyzyň şol häsiýetlerinden gözbaş alýar. Milliligimize, däp-dessurymyza sarpa goýýan, şonuň ýaly-da, ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmegine aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz: «Ylymly-bilimli, watansöýüji kämil ýaşlary kemala getirmek biziň amala aşyrýan özgertmelerimiziň özenidir» diýip bellemek bilen, ýaş nesil baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtaýar.

Milli Liderimiz ussat, başarjaň, ýokary taýýarlykly, kämil hünärmenleriň zerurdygyny hemişe nygtaýar. Hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda, bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda okamaga, döwrebap bilim almaga döredilýän giň mümkinçilikler biziň her birimiziň kalbymyzda Gahryman Arkadagymyza bolan egsilmez buýsanjymyzy joşdurýar. Ýurdumyzda dürli halkara maslahatlarynyň, sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilmegi, şol sanda talyplaryň we okuwçy ýaşlaryň iri halkara bäsleşiklere we olimpiadalara yzygiderli gatnaşyp, arzyly orunlary eýelemekleri ýurdumyzyň bilim ulgamynyň netijeli ösüşlerinden habar berýär. Ýurdumyzda talyplaryň hem mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän dürli bäsleşikler ýaşlaryň bilim başarnyklarynyň kämilleşmegine düýpli itergi berýär. Gahryman Arkadagymyzyň bagtyýar talyplarymyz üçin döredip berýän şeýle mümkinçilikleri ýaşlar bilen bir hatarda biz mugallymlary hem örän buýsandyrýar, yhlasly işlemäge ruhlandyrýar. Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýaşlaryň geljekde Watanymyzyň ösüş-özgerişliklerine mynasyp goşandyny goşjak kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini üpjün etmek ugrunda zähmet çekýäris.

Zyba NEPESOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.