Gahryman Arkadagymyzyň goldamagy esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» adyny dakynan täze ýylymyzyň düşümli bolmagyny arzuw edýärin. Ýyl adyna eýe bolsun! Saglyk, salamatlyk, abatlyk, rahatlyk dowam bolsun! Ýüzüni açan günleriniň ajaýyp wakalar bilen başlanmagy juda ýakymly.
Hormatly Prezidentimiziň, mähriban Arkadagymyzyň ilkinji sahawatly iş saparynyň Günüň dogýan ýerinden, ýagny Lebap welaýatynyň çäklerinde başlanmagynda uly many bardyr. Akylly baş oýlanyşykly oýunyň çuňdan alýan pikiriniň esasynda guraýandyr. Rysgaldan, döwletden alamat bardyr. «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýýändir türkmen.