«...Ak guş bolup ýazlaryma gaýdaryn»

21 Ýanwar 2021
1224

Şahyr Nurmämmet Meredow 1959-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Nesimli obasynda dünýä inýär. 1979 — 1984-nji ýyllarda Moskwa şäherinde ýerleşýän M.Gorkiý adyndaky institutda ýokary bilim alyp, 1984 — 1986-njy ýyllarda Lebap welaýatynyň şol wagtky Garabekewül etrabynyň «Lebap pagtaçysy» gazetinde edebi işgär bolup zähmet çekýär. 1990-njy ýyldan ömrüniň ahyryna çenli bolsa Lebap welaýatynyň «Türkmen gündogary» gazetinde işleýär.

N.Meredow 2008-nji ýylyň iýul aýynyň 4-ine aradan çykýar.