Pursatlar

21 Ýanwar 2021
1195

Men Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Italmaz Nuryýew bilen geçen asyryň 80-nji ýyllarynda tanyş bolupdym. Şol ýyllarda şahyryň sözlerine döredilen «Dillen, läläm», «Ýollar bizi duşurmazmy?!» ýaly aýdymlary ýaşlaryň söýgüli aýdymlaryna öwrülipdi. Şahyryň goşgulary ýurdumyzyň döwürleýin metbugatynda çap edilýärdi. Onuň bilen tanyşmagy arzuw edýärdim.

Şol ýyllarda men Aşgabatdaky Gara Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumynda gaýybana okaýardym. Okuwdan boş wagtym Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine ýazan sahna eserimi alyp bardym. Bu ýerde Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, belli dramaturg Hudaýberdi Bäşimow redaktor wezipesinde işleýärdi.

Oral TEMIROW,
Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.