Küştçi gyzyň üstünligi

18 Ýanwar 2021
2651

Küşt oýny iň gadymy hem-de dünýäde meşhur oýunlaryň biridir. Adamyň aňyny we pikirlenişini kämilleşdirýän bu oýun bilen uly ýaşly adamlar hem, çagalar hem uly gyzyklanma bilen meşgullanýarlar. Ýurdumyzda hereket edýän küşt mekdepleriniň ýetişdirýän ökde küştçüleriniň sany gün-günden artýar. Žurnalymyzyň şu sanynda tanyşdyrjak türgenimiz hem şolaryň biri — Ogulsuraý Baýrambaýewa.

2003-nji ýylda Aşgabat şäherinde eneden doglan körpeje Ogulsuraý çagalar bagyna gatnaýan döwründe şaşka boýunça bäsleşiklere gatnaşyp, öz ukybyny açyp başlaýar. Gyzynyň şaşka oýnuna höweslidigine göz ýetiren ejesi alty ýaşyna ýeten Ogulsuraýy ilkinji gezek küşt we şaşka mekdebine äkidýär. Bu ýerde tejribeli tälimçi Serdarguly Baýramsähedowyň tälim bermeginde gyzjagaz küşt oýnunyň dürli tärleri, inçe syrlary bilen tanyşýar. Sportuň bu görnüşine gün geçdikçe ökdeleýän Ogulsuraý mekdep, şäher, soňra bolsa döwlet derejesindäki ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolýar.

«Güneş».