Täze jaýyň açylyş dabarasy

18 Ýanwar 2021
1209

Belent sepgitlere beslenip, dabarasy dünýä dolan taryhy wakalaryň ýyly bolan Türkmenistan —–Bitaraplygyň mekany ýyly taryhyň gatyna siňdi. Türkmen halky hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna gadam goýdy.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toýy uludan tutuljak üstümizdäki ýylyň ilkinji günlerinden guwançly wakalara beslenýändigi il-günümiziň kalbyna nur çaýýar. Bilşimiz ýaly, ajap eýýamymyzda döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy giň gerime eýe bolýar. Şol binalardyr desgalaryň gurlup, ulanmaga berilmegi bolsa, Garaşsyz döwletimiziň gülläp ösmegine, il-günümiziň ýaşaýyş- -durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.