«Halklaryň we döwletleriň arasyndaky dostluk dünýäde ynsanperwerligi ýola goýýan taglymatdyr. Çünki bu dostluk döwletleriň ählumumy ýörelgelere ygrarlylyk babatda bitewüleşmegidir».
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda türkmeniň nusgalyk ruhy gymmatlyklary köp sanly täsirli rowaýatlaryň, aýtgylaryň, ýatlamalaryň, meşhur taryhy şahsyýetleriň ykballary beýan edilýär. Halkymyzyň etniki keşbini aýdyň şöhlelendirmekde bu gymmatly eser ylmy dolanyşyga täze maglumatlary girizýär, okyjyny pikirlenmäge, halk mirasy bilen has içgin gyzyklanmaga, öwrenmäge, döretmäge çagyrýar.